Sapagy öwretmekde oýunlardan peýdalanmak

4 Aprel 2021
1202

Mekdebe ýaňy gadam basan çagalara sowat, bilim öwredýändigi üçin başlangyç mugallymlara jogapkärli wezipe degişli bolup durýar. Ony üstünlikli amal etmek üçin öz usuly işleriňi yzygiderli kämilleşdirip durmak gerek. Şunda çaganyň içki dünýäsini, psihologiýasyny öwrenmeli, sebäbi alty ýaşly çaganyň ünsi ýeterlik derejede durnukly bolmaýar. Ol ygtyýarsyz ýagdaýda ünsüni başga zada sowmaga meýilli bolýar.

Geçýän sapaklaryňy, öwredýän maglumatlaryňy gyzykly oýunlaryň üsti bilen çagalara ýetirmeli. Mälim bolşy ýaly, psihologiýa ylmynda oýun zähmet we okuw bilen birlikde, işiň bir görnüşi hökmünde häsiýetlendirilýär. Şu nukdaýnazardan, oýnuň çagalar üçin uly işdigini, körpeje çagalaryň oňa yhlas bilen gatnaşýandygyny bellemek gerek. Şonuň üçin çagalar bilen guraýan oýunlaryma aýratyn döredijilikli çemeleşýärin, olaryň öwredijilik maksadyna ähmiýet berip, sapaklarda ýygy-ýygydan ulanýaryn. Şunuň bilen birlikde, oýna adalatly baha bermegiň iň esasy şertleriň biridigini bellemelidiris.

Enejan BERKELIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 47-nji orta mekdebiň mugallymy.