Ömrüni mugallymçylyga bagyş eden halypa

4 Aprel 2021
960

Bu günki gün ýurdumyzyň dürli ýerlerinde döredijilikli zähmet çekýänleriň hersiniň bilimli, sowatly, jemgyýetimize peýdaly adamlar bolup ýetişmeklerinde olary okadan mugallymlaryň ýadawsyz yhlasynyň bardygyny belläsimiz gelýär. Şol mugallymlar hakydalarda ebedi ýaşap, mydama ýatlanylmaga mynasypdyr. Olar – hem ene-ata, hem okuwçylara bilim beren, durmuşda öz mynasyp ornuny tapmaga ýardam eden mähriban mugallymlar. Şeýle bilim işgärleriniň biri hem ömrüni mugallymçylyk kärine bagyş eden Berdi Çaryýewdir.

Berdi Çaryýew 1946-njy ýylda Murgap etrabynyň Gökdepe obasynda dünýä inýär. Maşgalada dokuz çaganyň biri bolan Berdi çagalykdan özüni alyp barşy, bilime bolan aýratyn höwesi bilen beýlekilerden tapawutlanýar. Kakasy Çary Annamyradowyň mugallymçylyk kärini geljekde tutanýerlilik bilen dowam etdirjek ogly Berdi 1953-nji ýylda ýaşaýan obasyndaky ýediýyllyk orta mekdebe barýar.

Oguljan MUHYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».