Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

2 Aprel 2021
1074

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde sagat 1500-da institutymyza berkidilen Aşgabat şäherindäki 37-nji, 68-nji, 72-nji we 76-njy orta mekdepleriň okuwa girmäge isleg bildirýän gutardyş synp okuwçylaryny «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

«Açyk gapylar» gününde instituta gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary bilen tanşyp bilerler. olaryň hatarynda institutyň durmuşy baradaky stendler we wideofilm bilen, şeýle hem «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi hem bar.