Ussatlaryň tejribesinden

1 Aprel 2021
1017

Diplomatiýa ulgamy her bir döwletiň daşary syýasatynyň hereketlendiriji güýji hem-de şol syýasaty durmuşa geçirmegiň möhüm serişdesi hasaplanylýar. Has dogrusy, diplomatiýa işi halkara gepleşiklerini alyp barmagyň inçe sungatydyr. Adatça, pikir edilişinden aşa özboluşly, has çylşyrymly bolan bu sungatda üstünlik gazanmak her kime başardyp baranok. Daşyndan baha berlende, diplomatlyk adaty bir hünär ýaly görünýändir. Emma onuň hötdesinden gelmek üçin diňe ylym-bilimiň ýeterlik däl-de, eýsem, akyl, milli düşünje, dünýägaraýyş we tejribe ýeterlik bolmalydyr. «Diplomatlar Watan esgeri» diýlip ýöne ýerden aýdylmaýar. Olar Watanyň öňündäki mukaddes borçlaryny ak ýürekden berjaý etmegi borç edinip, kesp-kärini at-abraýyna, ömür ykbalyna deňeýärler.

«Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter» diýen pähime esaslanmak bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu ýerde zähmet çekýän professor-mugallymlaryň, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň geçirýän nazaryýet sapaklary, berýän tejribelik dersleri talyplaryň ylym-bilimlerini baýlaşdyrmaklaryna, halypalardan görelde alyp, hünärleri kämil ele almaklaryna mümkinçilik berýär. Biz, türkmen diplomatiýasynyň ilkinji nesilleriniň biri, degişli ugruň ösmegine ägirt uly goşant goşup, ukyp-başarnygyny, yhlasly zähmetini ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ornunyň pugtalanmagyna siňdiren halypa mugallymymyz, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Berdiniýazow bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.

Şahnoza EMINOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.