Bilim — ösüşleriň aýdyň ýoly

1 Aprel 2021
1086

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ösdürilýär, iň kämil usullar durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlaryň kämil bolup ýetişmekleri, olaryň ylymly-bilimli bolmaklary esasy ugurlaryň biridir. Ylym-bilimi özleşdirmek, ösen tehnologiýalary, kompýuterleri öwrenmek bu günki ýaşlaryň baş maksady bolup durýar. Şeýle hem tebigy ylymlar bilen bir hatarda dünýä dillerini hem özleşdirmek ýaşlaryň aýratyn üns berýän ugurlarydyr.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda gazanylýan ösüşler her birimiziň kalbymyzy buýsanja besleýär. Şeýle uly ösüşleri ylym-bilimiň ösdürilmeginde hem, sanly bilimiň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagynda hem görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ylmy taglymatlary esasynda Watanymyzyň ylym ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmäge, ata-babalarymyzyň mirasyny dünýä ýaýmaga hem-de geljekki nesillere ýetirmäge döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýär, möhüm ugur hökmünde alnyp barylýar. Ýurdumyzyň geljegini has ösen derejä ýetirmek üçin ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, edep-ekramly bolmagyny gazanmak hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän möhüm meseleleriniň hatarynda goýulýar.

Gülşat MÜLKIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.