Döwrebaplyga we kämillige giň ýol

31 Mart 2021
1115

Topragyň rysgal-bereketli bolmagy üçin suw näderejede gerek bolsa, ynsan ömrüniň manyly bolmagy üçinem ylym-bilim şonça derejede gerekdir. Danalaryň biri: «Bir gününi ylymsyz geçiren kişä gynanjymyň nähili bolandygyny we bir gününi ylym bilen geçiren kişä bolsa begenjimiň nähili bolandygyny bilen bolsaň, onda sen ömrüňi ylym bilen ötürerdiň!» diýipdir. Ata-babalarymyzyň: «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» ýaly gyzyla gaplaýmaly nakyllarydyr atalar sözlerinden hem olaryň ylym-bilime örän ýokary derejede üns berendiklerine göz ýetirmek bolýar.

Ýurdumyzda häzirkizaman okuw-tehniki enjamlary, görkezme esbaplary bilen üpjün edilen bilim ojaklarynyň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, şeýle hem çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň gurulmagy, sanly bilim ulgamyna geçilmegi ýaş nesilleriň çuňňur bilimli, giň gözýetimli bolmaklaryny gazanmaklygyň döwlet syýasatynyň esasy üns berilýän ugurlarynyň biridiginiň anyk subutnamalarydyr.

Hursant HEMRAÝEWA
Dänew etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň müdiri.