Işler ynam döredýär

31 Mart 2021
1023

Ýaşlar bütin dünýäde jemgyýetiň esasy işe ukyply bölegi hem-de hereketlendiriji güýji hasaplanýar. Ilatyň düzüminde ýaşlaryň möçberi hem-de olaryň bilim we hünär derejeleri jemgyýetiň we döwletiň ösüşini kesgitleýän esasy şertleriň biri bolup durýar. Şu hakykatdan ugur alnyp, garaşsyz, baky bitarap watanymyzda hormatly prezidentimiziň baştutanlygynda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn, bilim hem-de hünär taýdan ýokary derejeli şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. şol tagallalaryň netijeleri bu gün ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan işlerde aýdyň ýüze çykýar.

Hormatly prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň diňe bir paýtagtynda däl, eýsem, sebitlerinde hem halkymyza hyzmat etmäge niýetlenen medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Şeýle döwrebap düzümleriň döredilmegine ýaşlar hem öz ukyp-başarnyklary we yhlasly zähmeti bilen uly goşant goşýarlar. muňa mukaddes garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri desgalaryň biri bolan lebap welaýatynyň kerki şäheriniň döwrebap howa menzilindäki işleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Bu ýerde etrabymyzyň eli hünärli ýaşlarynyň 250-ä golaýy zähmet çekýär. Olar gurluşyk işlerinde ulanylýan çylşyrymly tehnikalara ussatlyk bilen erk edip, ýokary hünär başarnygyny talap edýän işleri ezberlik bilen ýerine ýetirýärler. Howa menziliniň esasy binasynda we uzynlygy 2700 metre ýetýän uçuş-gonuş zolagynda işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Oguljan ABRAÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.