Ösüş we kämillik ädimi

31 Mart 2021
1029

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylarynyň ahlak-psihologik aýratynlyklaryny, häsiýetlerini hem-de psihologik taýýarlyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen «Psihologiýa ruhy terbiýäniň gönezligidir» ady bilen psihologiýa hepdeligi geçirildi. Geçirilen hepdeligiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz topary özleriniň ajaýyp aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler.

Psihologiýa hepdeliginde «Gujurly bilim merkezi» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde «Hany, biliň-dä?!» ady bilen bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik harby okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi. Tapawutlanan toparlara bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Hepdelikde «Jany sagyň — keýpi çag» ady bilen tanap çekmek, basketbol, harby we sport oýunlarynyň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Şeýle hem hepdeligiň dowamynda «Psihologiýa — kämillige tarap ýol» ady bilen her bir harby okuwçynyň durmuşa garaýşyndan, pikir ýöretmelerinden, gyzykly gürrüňlerinden düzülen terbiýeçilik çäreleri guraldy.

Nabat NURGELDIÝEWA,
maýor.