Guwanjymyz — bilimli nesil

31 Mart 2021
1012

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga döwlet býujetinden ägirt uly serişdeler goýberilýär. Ýurdumyzda her ýyl döwrebap çagalar baglary, orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri gurulýar we döredilýär. Şol bilim edaralarynyň ählisi hem ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary, kompýuterler we okuw kitaplary bilen üpjün edilýär. Bu amal edilýän beýik işleriň ählisi, her bir türkmenistanlynyň syýasy, durmuş, ykdysady we ruhy taýdan döwrebap ösüşini, terbiýelenmegini şertlendirýär.

Häzirki wagtda ýurdumyz ýaşlaryň bilim derejesiniň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, onuň dünýäniň bilim giňişligine üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmek, umuman, bilimlere esaslanýan jemgyýeti gurmak babatda baý tejribe toplady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen hil taýdan täze derejä çykarylan bilim ulgamy ýurdumyzyň şöhratly geljegini üpjün etmegiň ygtybarly ýoluny kemala getirip, bilimleriň, tehnologiýalaryň, intellektual we döredijilik serişdeleriniň işjeň dolanyşygy boýunça täze tapgyry esaslandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň aýratyn nygtaýşy ýaly, ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi möhüm orny eýeleýär. Geçen gysga döwürde gerimi boýunça haýran galdyrýan işler durmuşa geçirildi — ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ygtybarly döwrebap hukuk binýady döredildi. «Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek, olary ylma, bilime höweslendirmek, halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmelerimiziň özeni bolup durýar» diýip, hormatly Prezidentimiz aýratyn nygtaýar. Ýaşlaryň ösen ylym, bilim ulgamy hem-de kämil kanunlary bolan jemgyýetde terbiýelenmeginiň, bilim almagynyň özi ýurdumyzyň ägirt uly ösüşlere eýe bolýandygyndan habar berýär.

Oguljan AÝNAZAROWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.