Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň ylym-bilimli, edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan ýurdumyzda zähmetsöýer, ruhubelent ýaşlarymyz ylymda, bilimde, sungatda we sportda tapawutlanyp, Diýarymyzyň at-abraýyny belende galdyrýarlar.
Biz hem hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýýan wezipelerinden ugur alyp, edara-kärhanalarda zähmet çekýän hünärmenleriň, şeýle-de mekdep okuwçylarynyň arasynda ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak maksady bilen yzygiderli wagyz-nesihat çärelerini geçirip durýarys. Ýaşlary sporta höweslendirmek maksady bilen, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary gurap, ýeňijilere Hormat hatlaryny hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşurýarys. Ýurdumyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaşlar özleriniň ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän Arkadag Prezidentimize alkyş sözlerini aýdýarlar.