Ösüşlere beslenýän ulgam

26 Mart 2021
1365

Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz ylymly, bilimli ýaşlary kemala getirmegi hemişe üns merkezinde saklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli çözgütleri esasynda gysga döwrüň içinde bilim ulgamyny düýpli kämilleşdirmekde, ýaş nesle bilim bermegiň hil derejesini dünýä ülňülerine laýyk getirmekde giň gerimli işler amala aşyryldy. Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny ulgama ornaşdyrmakda uly üstünlikler gazanylýar.

Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde alnyp barylýan giň möçberli tutumlara mynasyp goşant goşmaga ukyply, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde ähli şert-mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki zaman hil ülňülerine laýyk gelýän orta mekdeplerdir çagalar baglary gurlup, olar kämil kompýuterler, interaktiw-multimediýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar.

Jennetgül HUDAÝBERDIÝEWA,
Serdar şäherindäki 8-nji orta mekdebiň mugallymy.