Terbiýe — ynsan bezegi

25 Mart 2021
1026

Türkmen jemgyýetinde milli gymmatlyklarymyzyň, şol sanda ahlak kadalarynyň öwrenilmegine, wagyz-ündew edilmegine we durmuşda giňden peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz ylma we bilime daýanyp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda ýaşlara bilim we terbiýe bermek boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň, ýaşlaryň syýasy we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmagyň möhümdigini hemişe belleýär.

Çaga terbiýesi jemgyýetiň inçelik bilen çemeleşilmeli jogapkärli wezipeleriniň biridir. Ata-enelerimiz öz perzentlerini süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, ynsaply, edep-ekramly, zähmetsöýer, ar-namysly, watansöýüji edip ýetişdirmegi ilkinji wezipeleri hasaplapdyrlar. Türkmen halkynda «Çaga — bag, ene-ata — bagban», «Edep altyndan gymmat», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz», «Terbiýesiz çaga — baş öwredilmedik at» diýilýär. Her bir maşgala öz çagasynyň ösüşi we terbiýesi üçin jogapkärçilik çekýär. Döwlet bolsa maşgalanyň öz borçlaryny ýerine ýetirmegi üçin, şeýle hem çaganyň goraglylygy we kadaly ösmegi üçin ähli hukuklardan peýdalanmak boýunça şertleri döredip, olara ýardam bermegi öz üstüne alýar. Häzirki döwürde ahlak terbiýesiniň ähli ugurlarda talabalaýyk güýçlendirilmegini durmuş talap edýär. Halkyň ahlak kadalarynyň goralyp saklanmagy, wagyz-ündew işleriniň meýilnamalaýyn esaslarda talabalaýyk guralmagy jemgyýetiň öňünde durýan möhüm wezipe bolup durýar. Elbetde, bu meselede maşgalanyň we bilim işgärleriniň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär.

Bahar JEPBAROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.