Körpeleriň pikirlenişini ösdürmek

25 Mart 2021
1306

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň ösen aň-düşünjeli, kämil bolup ýetişmeklerini gazanmak her bir bilim işgäriniň jogapkärli borjudyr. Çagalary şu günüň möhüm wakalary, şanly seneleri bilen tanyşdyrmak we olar barada düşünje bermek örän zerurdyr. Bu işleriň bolsa mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanmagy hökmany ýagdaýdyr. Şu ýylyň taryhy senesine – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy we paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen baglanyşykly dabaraly çäreler barada uly toparlardaky çagalara gürrüň berip bolar. Munuň üçin terbiýeçileriň sapaklarda temalary taýýarlykly geçmegi gerekdir.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň esasy maksady çaganyň irki ýaşdan başlap, beden we akyl, ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Terbiýeçi çagalara terbiýe bermek işini olary irden kabul edip başlan wagtyndan oýlanyşykly meýilnamalaşdyrmalydyr. Körpelere sowat öwretmegiň olaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda amala aşyrylýandygy sebäpli, olaryň mekdebe taýýarlanylýan döwründe hem özboluşly tapawut bardyr. Daşary ýurt dilleri boýunça lingafon otaglarynda okan çagalaryň sözleýiş ukyby çalt ösýär. Çaga ulaldygyça, onuň nerw ulgamynyň mümkinçilikleri artýar we berkeýär. Käbir çagalar akyl işine yhlasly bolup, olar ulaldygyça kynçylyklary özbaşdak ýeňip geçmäge ukyply bolýar.

Ogulsoltan ANNAGULYÝEWA,
Daşoguz şäherindäki «Altyn balyk» atly 35-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.