Bilim — üstünlikleriň açary

25 Mart 2021
883

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamy beýik ösüşlere eýe bolýar. Ak mermere bürenen Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda halkara ülňülerine laýyk gelýän mekdepler, çagalar baglary, sport we sagaldyş toplumlary gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň, şol sanda ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrebap pikirlenip bilýän, ruhubelent, ýokary ahlakly bolmagy üçin edilýän aladalaryň aýdyň miwesidir. Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan ylym we bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanylýan üstünlikler ajap eýýamyň beýik işleriniň rowaçlanmagyna ýardam berýär.

Bagtyýar halkymyz taryhyň dürli döwürlerinde hem ylym-bilime sarpa goýup, döredijilikli zähmet bilen dünýäniň maddy we ruhy gymmatlyklaryna ägirt uly goşant goşupdyr. Ylym we bilim ulgamyny dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk getirmek, ata Watanymyzyň şöhratly geljegi, halkyň bagtly durmuşy ugrunda ýokary jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan kämil ahlakly, Watanyň bähbidini ilkinji orunda goýýan, halal zähmet çekýän, hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek wezipesi hem häzirki wagtda ýurdumyzda öňe sürülýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň esasylarynyň biridir.

Maýagözel ÖWEZOWA,
Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy.