Sanly ulgam kämilleşdirilýär

24 Mart 2021
1335

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ösdürmek, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek, ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak, ykjam kompýuter aragatnaşygyny ýola goýmak babatda maksatnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi innowasiýa ösüş ýoluna geçirmek işini çaltlandyrmaga, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy, elektron resminamalar dolanyşygyny giňden ornaşdyrmaga ýardam berýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, kämil derejeli hünärmenleriň ýetişdirilmegini hem talap edýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär, bu ugurda milli kanunçylyk kämilleşdirilýär. «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şeýle hem, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 12-nji fewralynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekilmegi bu ugurdaky işleriň has-da öňe ilerlemeginde aýratyn ähmiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Sanly Türkmenistan» atly täze döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamagy üstünlikli amala aşyrylýan döwlet maksatnamalarymyzyň esasy bolmak bilen, sanly mümkinçilikleriň kanuny binýadynyň berkeýändigini has-da aýdyňlaşdyrýar.

Murad NIÝAZMETOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.