Tejribe we ussatlyk utgaşanda

24 Mart 2021
1312

«Ýylyň mugallymy» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň yzysüre Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen bäsleşikde gündogar sebitiň iň gowy terbiýeçisi hem kesgitlenildi. «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň welaýat tapgyry Türkmenabat şäherindäki 46-njy «Miwejik» çagalar bagynda geçirildi. Oňa welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan terbiýeçileriň 11-si gatnaşdy.

Başarjaň terbiýeçiler bäsleşige öz ýanlary bilen geçiren göreldeli sapaklarynyň beýanyny, ulanýan okuw-görkezme, paýlama esbaplarynyň görnüşlerini, täzelikde geçiren göreldeli sapagynyň ýa-da terbiýeçilik çäresiniň elektron ýazgysyny, öz ugry boýunça okuw kitaplaryna, gollanmalaryna, iş depderlerine ýa-da okuw maksatnamalaryna ýazan synlarydyr tekliplerini, awtorlyk usuly gollanmalaryny, metbugatda soňky üç ýylyň dowamynda eden çykyşlarynyň nusgalaryny we ýazgylaryny, geçiren işleriniň netijeliligini tassyklaýan resminamalaryny hem getirdiler. Olar bilen tanşanyňda, bilim işgärleriniň öz saýlap alan kärlerine ähli yhlaslaryny we başarnyklaryny siňdirýändiklerine aýdyň göz ýetirýärsiň.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.