Mekdep okuwçylarynyň ylmy-döredijilik bäsleşigi

18 Mart 2021
1270

Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okuw derslerini kämil öwretmek, okuwçylaryň tebigy zehinlerini we başarnyklaryny ösdürmek, olaryň ylmy-derňew işleri we tehnika bilen meşgullanmaklaryny höweslendirmek, olary hünärlere ugrukdyrmak işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça her ýyl ylmy-döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa okuwçylaryň zehin başarnyklarynyň artmagyna, bilimleriniň kämilleşmegine örän oňaýly täsirini ýetirýär.

Bäsleşiklere taýýarlanmak we gatnaşmak bilen okuwçylar ylmy derňewlere mahsus bolan temany saýlamagy, işiň maksadyny we maksada ýetmek üçin çözülmeli meseleleri kesgitlemegi, tema degişli edebiýatlar bilen tanyşmagy, maglumatlary toplamagy, işiň meýilnamasyny düzmegi we meýilnama boýunça işi ýerine ýetirmegi, ýerine ýetirilen işi goramaga taýýarlamagy, ýerine ýetirilen iş boýunça çykyş etmegi öwrenýärler.

Gündogdy ŞADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty, dosent.