Enäniň we çaganyň saglygyny goramak ulgamynda ýetilen sepgitler

18 Mart 2021
1189

Ilatyň saglygyny goramak hem-de pugtalandyrmak, keselleriň öňüni almak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan syýasatyň esasy maksady bolup durýar. Döwletimiziň syýasatynda raýatlaryň saglygy we abadançylygy ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlendi. Milli Lidermiziň daşary ýurtlar bilen parahatçylyk, birek-birege düşünişmek, dostluk ýörelgelerini rowaçlandyrmak ugrundaky öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasdaky hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, ilkinji nobatda bolsa, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny berkitmekde saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamynyň ileri tutulýan orny kesgitlendi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde bu ulgamlarda düýpli özgertmeleri geçirmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy. Saglygy goraýyş ulgamynda maksatnamalaýyn özgertmeler netijesinde döwrebap lukmançylyk merkezlerini gurmak, ýokary tehnologiki enjamlary satyn almak, netijeli sanly lukmançylyga geçmek boýunça göz öňünde tutulan taslamalar durmuşa geçirildi. Lukmanlaryň hünärlerini kämilleşdirmek we olary maksatlaýyn taýýarlamak, ýokary hilli derman, öňüni alyş sanjymlary, sarp ediş serişdeleri bilen üpjünçiligini kämilleşdirmek we beýlekiler boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. 2015-nji ýylyň 20-nji iýulynda enelere we çagalara ýokary hilli kömegini bermek üçin niýetlenen 670 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň açylyp, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Bu merkezde ýöriteleşdirilen 28 sany bölümleriň hyzmat etmegi bilen keselleri ýokary hilli anyklamaga we bejermäge ýardam berýär.

Gülaram JORAÝEWA,
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň direktorynyň ylmyişleri boýunça orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji