Ýaşlar — ýurduň röwşen ertiri

17 Mart 2021
1259

Häzirki döwürde dünýäniň ýokary depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly girýän Türkmenistanda ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Ýaşlaryň ylymly, bilimli bolmagyna, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary üçin ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki döwletiň binýady, onuň berkligi ilki bilen ylymly, bilimli, öz kärine erk edip bilýän sowatly we ukyply hünärmenlere baglydyr. Milli Liderimiziň ösüş-özgertmeleri bilim ulgamyndan başlamagy orta we ýörite orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde okuw maksatnamalarynyň halkara kadalara laýyk getirilmegine we ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna giň ýol açdy.

Bilim ulgamyna degişli kanunçylygy kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň binýadydyr. Ýaşlaryň bilime bolan hukuklarynyň doly derejede durmuşa geçirilmegi, olaryň biliminiň we hünär taýdan taýýarlygynyň dünýä derejesine çykarylmagy we ösdürilmegi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşant goşýan zerur hünärmenleriň ýetişdirilmegine giň mümkinçilik berýär.

Laçyn AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň esasy hünärmeni.