Bagtyýarlygyň joş urýan döwri

12 Mart 2021
926

Ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ösüşlerini ylymsyz we ösen tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» gol çeken Kararyna laýyklykda ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksady, wezipeleri we esasy ugurlary kesgitlenildi. Olary üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutuldy.

Taryh üçin gysga döwürde dünýä jemgyýetçiliginde uly abraý gazanan ýurdumyz bu günki gün syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ähli beýik işleri, tutumly başlangyçlary, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine, il-günüň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmeklige gönükdirilendir. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgä esaslanýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artyp, halkara abraýy has-da pugtalanýar. Merdana, zähmetsöýer halkymyz öz taryhy ykbalynyň iň bagtyýar pursatlaryna, asudalygyň, bolelinligiň we rysgal-berekediň joş urýan döwletli döwranyna ― Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne eýe boldy.

Gülälek AKYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň mugallymy.