Saglygym — baş baýlygym

12 Mart 2021
984

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygyny goramakda uly işler alnyp barylýar. Welaýatymyzyň köpugurly hassahanasynyň ak ýektaýly lukmanlary hem özlerine ýüz tutup gelýän näsaglary güler ýüz bilen garşy alyp, olara maslahat we bejergi berýärler.

Hassahananyň umumy bejeriş bölüminiň şepagat uýasy Şemşat Amanlyýewa bu ýerde 20 ýyl bäri zähmet çekip, alkyşly sözlere mynasyp bolup gelýär. Ol Mary şäherindäki S. A. Nyýazow adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebini tamamlap, bu hassahanada zähmet ýoluna başlady. Şol wagtdan bäri hem halka ak ýürekden hyzmat edýär.