Baý tej­ri­be — kä­mil­li­ge ýol­lan­ma

10 Mart 2021
1129

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, hä­zir­ki­za­man jem­gy­ýe­tin­de ha­ky­ky gym­mat­lyk baý­lyk­da däl-de, eý­sem, ra­ýat­la­ry­my­zyň bi­li­min­de, hü­när de­re­je­sin­de we ola­ryň zäh­me­ti­niň ne­ti­je­sin­de­dir. Şu jäht­den soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my üçin döw­let ta­ra­pyn­dan goý­be­ril­ýän se­riş­de­le­riň möç­be­ri ep-es­li ýo­kar­lan­dy we tä­ze bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ry­nyň on­lar­ça­sy bi­na edil­di, olar ösen teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­lar bi­len ab­zal­laş­dy­ryl­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len Mak­sat­na­ma­la­ry, Per­man­lar­dyr Ka­rar­la­ry ka­bul et­me­gi ne­ti­je­sin­de bi­lim öz­gert­me­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, türk­men ýaş­la­ry­na be­ril­ýän bi­lim-ter­bi­ýä­niň hi­li­niň üzül-ke­sil go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­na giň ýol açyl­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da ka­bul edi­len Türk­me­nis­tan­da ça­ga­nyň ir­ki ösü­şi bo­ýun­ça 2020—2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li stra­te­gi­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, ça­ga­la­ry oku­wa taý­ýar­la­mak­da maş­ga­la­nyň we mek­de­biň ara­syn­da bi­le­lik­dä­ki iş­le­ri tä­ze­çe gu­ra­mak bo­ýun­ça hem ta­la­ba­la­ýyk iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu res­mi­na­ma­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri ça­ga­la­ra bi­lim ber­mek işi­ne iň öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­sion çe­me­leş­me­le­ri we usul­la­ry giň­den or­naş­dyr­mak­dan, dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek­den yba­rat­dyr. Şun­dan gör­nü­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da röw­şen gel­je­gi­miz bo­lan ýaş nes­liň ylym­ly-bi­lim­li, kä­mil adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin uly ta­gal­la­lar edil­ýär. Ata Wa­ta­ny­myz­da or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri bi­len bir ha­tar­da mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da-da bi­li­miň de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dyn­da mö­hüm iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da okuw mek­dep­le­rin­de on­laýn sa­pak­lar ýo­la go­ýul­dy. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gynyň ne­ti­je­sin­de mek­dep­le­riň bir-bir­le­ri bi­len öza­ra tej­ri­be alyş­mak­la­ry­na giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da edil­ýän iş­ler örän köp. Hu­su­san-da, or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de oku­wyň möh­le­ti uzal­dyl­dy, ça­ga­lar bag­la­ryn­da, or­ta mek­dep­ler­de synp­la­ryň do­lu­ly­gy ka­da­laş­dy­ryl­dy. Şo­nuň ýa­ly-da, we­la­ýat, et­rap mer­kez­le­rin­den uzak­da ýer­leş­ýän ilat­ly ýer­ler­de ýa­şa­ýan ça­ga­la­ryň ka­da­ly bi­lim al­mak­la­ry­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len mek­dep-in­ter­nat­la­ry açyl­dy.

Aý­na­bat NEPESOWA,
we­la­ýat baş bi­lim mü­dir­li­gi­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry.