Kämilligiň berk binýady

9 Mart 2021
1084

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlara berilýän edep-terbiýe, ylym-bilim ene süýdi ýaly arassadyr, durmuş ýaly kämildir. Bu günki günde ylym-bilim öwrenmäge, kämil hünärmenleri taýýarlamaga giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň iň ösen tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi bolsa okuw işlerini döwrebap guramaga, kompýuter enjamlaryny oňat bilýän hünärmenleri taýýarlamaga giň mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bilimi mundan beýläk hem has-da kämilleşdirmek, yzygider ösdürmek we ýaş nesli döwrebap terbiýeläp ýetişdirmek bolup durýar. Munuň üçin bilim ulgamynda yzygider işler alnyp barlyp, ýurdumyzyň bu pudagynda örän uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygy bellärliklidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, obalarda, etrap merkezlerinde, şäherlerde iň döwrebap çagalar baglary we orta mekdepler gurlup ulanmaga berilýär. Esasan hem ýurdumyzyň orta mekdepleriniň täze enjamlar bilen üpjün edilýändigini aýtmalydyrys.

Abdyresul ABDYÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.