Taryh sapagynda gazet-žurnallaryň ähmiýetini düşündirmek

9 Mart 2021
782

Häzirki döwürde bilim, ylym, maglumat, sanlar, ulgamlaýyn habar beriş serişdeleri her bir ýurduň ösüşine tizlik berýän möhüm serişdä öwrüldi. Bular dogrusynda Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça okadýan 11-nji synplar bilen guraýan sapaklarymda geçilýän temalar boýunça seredilýän meselelere okuwçylaryň öz şahsy garaýyşlaryny kemala getirmäge çalyşýaryn. Okadýan ýokary synplarymda «Jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen halk köpçüligini tanyşdyrmakda gazet-žurnallaryň ähmiýeti» atly tema aýratyn üns berdim, sebäbi häzirki döwrüň derwaýys wakalaryna ýaş nesliň ünsüni çekmek, düşündirmek esasy wezipe bolup durýar.

Synpyň okuwçylarynyň sanly ykdysadyýet bilen bagly öý işlerini sorap, geçilen tema boýunça sowal-jogap alyşdym. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminama dolanyşygyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, munuň bilen birlikde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak ýaly maksatlary öz içine alýar. Sanly ulgamy halka hödürlemegiň esasy usuly internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmakdyr. Sanly tehnologiýalary ulanmak örän amatly bolýar. Bular dogrusynda giňişleýin söhbet edildi. Bu tema boýunça okuwçylaryň öşbaşdak işlerine — taýýarlan prezentasiýalaryna multimedia tagtasynda synpyň okuwçylary bilen tomaşa edildi. Öý işi boýunça geçilenleri jemläp, täze temany düşündirmäge girişdim.

Mama IŞANGULYÝEWA,
Kaka etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň mugallymy.