Parahat Diýarymyzyň göwher gaşy zenanlar

9 Mart 2021
781

Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýat kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen dabaraly maslahat «Parahat Diýarymyzyň göwher gaşy zenanlar» diýlip atlandyryldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy, bimöçber aladasy bilen ata Watanymyz ösüşiň belentliklerine tarap bedew bady bilen barýar. ªol ösüşlere zenanlar hem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Olaryň jemgyýetde tutýan ornuna ýokary baha berilýär. Maslahatyň dowamynda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Zeminiň göwher gaşyna deňelýän zenanlarymyza aýratyn hormat-sarpa goýýan eziz Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy. Ýerli şahyrlaryň okan goşgularynda eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan her bir işiň diňe halkyň bähbidine gönükdirilip, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyzyň has-da dabaralanýandygynyň, ene hormatynyň, zenan sarpasynyň belende galýandygynyň, Halkara zenanlar gününiň waspy öz beýanyny tapdy.

(Öz habarçymyz).