5-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy. Şol meseleleriň çözülmegi bolsa halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna söz berdi. Wise-premýerler 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri, baýramçylyklara, şanly senelere hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyşyna görülýän taýýarlyk işleri, oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi barada aýdyldy.