Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara zenanlar güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine,
gelin-gyzlaryna Gutlag haty bilen ýüzlendi. Onda:«Sizi gözelligi we ajaýyplygy bilen ynsan kalbyna ylham hem-de joşgun paýlaýan bahar paslynda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bahar paslynyň ilkinji günlerinde bu ajaýyp halkara baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň mähriban enelerimiziň, eziz uýalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň kalbynda ýakymly duýgulary döretjekdigine berk ynanýaryn!» diýlip nygtalýar.
* * *
6-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi.