Üstünlikli geçirilen bäsleşik

7 Mart 2021
1041

Ýakynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, şeýle-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp gyzlaryň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli —2021» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolmagy başaran talyp gözelleriň 21-si gatnaşdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talyp gyzlaryň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, watançylyk buýsanjyny, keşp hem edep gözelligini, milli däp-dessurlarymyza goýýan hormat-sarpasyny, edep-ekramyny, bilim-sowadyny hem halkymyza mahsus beýleki asylly häsiýetlerini açyp görkezmäge gönükdirilen bäsleşik diýseň gyzykly geçdi.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşanlar türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany beýan etdiler, şeýle hem özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň ikinji şertine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alyp, türkmeniň milli tagamy bolan unaş kesmek boýunça bäsleşdiler. Eminler bäsleşigiň bu şertinde gyzlaryň çalasynlygyna, şeýle-de unaş kesip bilmek ukybyna baha berdiler. «Hünärim bar — hormatym bar» ady bilen bäsleşigiň üçünji şertinde talyp gözeller özleriniň zehinlerini, ussatlyklaryny we ukyplaryny keşde çekmek arkaly açyp görkezdiler.

Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.