Kesbinden bagt hem bereket tapan

3 Mart 2021
1006

Geçen asyryň segseninji ýyllarynda etrap gazetinde Rozymyrat Genjäýewiň goşgulary çap edilýärdi. Menem şol wagt harby gullukdan gelipdim. R.Genjäýewiň goşgularyny okadygymça mende onuň bilen tanyşmak höwesi barha artýardy. Şeýlelikde aradan birnäçe ýyl geçdi. Men Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherindäki 32-nji orta mekdepde işe başladym. Bir ýyldan soň etrapda «Türkmen dilini okatmagyň usulyýeti» diýen mowzukda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maňa-da kärdeşlerim bilen bu maslahata gatnaşmak nesip etdi. Maslahatda şol ýyllarda etrap bilim bölüminiň müdiriniň orunbasary bolup işleýän Rozymyrat Genjäýew çykyş etdi. Rozymyrat halypa bilen tanyşlygymyz şol günden başlandy.

R.Genjäýew 1972-nji ýylda Kerki şäherindäki şol wagtky Rehmet Seýidow adyndaky mugallymçylyk mekdebini üstünlikli tamamlap, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyna başlangyç synp mugallymy hökmünde işe iberilýär. 1975-nji ýylda dogduk mekanyna dolanyp, etrapdaky 1-nji orta mekdepde işe başlaýar. 1976-njy ýylda bilimini artdyrmak maksady bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen dili we edebiýaty bölümine gaýybana okuwa girýär. Okuwyň daşyndan şu mekdepde yhlasly zähmet çekip, çagalara döwrebap bilim we terbiýe berýär. Mugallym gündelik guraýan sapaklaryna taýýarlykly gelýär, okuwçylaryna edebi dilde arassa gürlemegi öwredip, ululara hormat goýmagy, birek-birege goldaw bermegi, ata Watanymyzy jandan söýmegi öwüt-nesihat edýär. 1982-nji ýylda çekýän asylly zähmeti göz öňünde tutulyp, mekdep müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary wezipesine bellenilýär. 1988 — 1992-nji ýyllar aralygynda ilki 15-nji orta mekdebiň, soňra 3-nji orta mekdebiň müdiri wezipelerinde işleýär. Mekdep durmuşyna içgin aralaşan Rozymyrat mugallym ýyl geçdigiçe kämilleşýär. Mugallymlaryň usuly taýdan taýýarlykly bolmagy ugrunda dyngysyz aladalanyp, işlän mekdeplerinde döwrebap usuly otaglary döredýär. Bu otaglary gerekli gollanmalar, diwarlyklar bilen üpjün edýär. Täze işe gelen mugallymlara halypalary berkidip, olary işe ugrukdyrýar, usuly maslahatlar, degerli kömekler berýär.

Muhammet ALLABERDIÝEW,
Köýtendag etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň mugallymy.