Pasla görä geýinmegiň ähmiýeti

3 Mart 2021
831

Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň alyp barmak saglygy goraýyş ulgamynyň ilkinji basgançagynda işleýän maşgala lukmanlarynyň paýyna düşýär. Sepgit döwründe wagtal-wagtal Günüň çykmagyna seretmezden, howa sowuklygyna galýar. Şonuň üçinem möwsüme görä geýinmek örän zerur bolup durýar. Haçan-da möwsüme görä geýinilmese, sökellikleriň döremegine, möwsümleýin ýiti respirator keselleri bilen kesellenilmegine getirip biler. Bedeniň aşa üşemezligi üçin ýylylygy saklaýan galyň eşikleri, aýaklaryňa bolsa rahat, özüňe laýyk gelýän ýapyk, ýyly, aşagy typmaýan aýakgaplary geýmek örän zerurdyr. Bu bedeniňi ýyly saklap, kesele garşy durnuklylygyň saklanmagyna itergi berýär. Ýyly aýakgabyň içinden galyň joraplary geýmegi hem ýatdan çykarmaly däl. Uly adamlar çagalaryň hem möwsüme görä geýinmeklerine gözegçilik etmeli.

Saglygymyza gözegçilik etmek biziň özümize bagly. Şol sebäpli-de, keseliň öňüni alyş çärelerini dogry we doly berjaý etsek, her birimiziň sagdyn boljagymyz ikuçsuzdyr. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň aýdyşy ýaly, saglygyň gadyryny bilgil, hassa bolmasdan burun. Keseli bejerenden, onuň öňüni almak aňsat. Möwsümleýin geýinmek bilen bir hatarda, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, maşklary ýerine ýetirmek, agşamky nahardan soň, arassa howada gezim etmek, elmydama işjeň ýagdaýda bolmak, kadaly iýmitlenmek, ýagny gerekli mukdarda witaminleri, minerallary, beloklary, uglewodlary, ýaglary iýmit önümlerinden ýeterlik mukdarda kabul etmek örän zerurdyr (günüň dowamynda gök we bakja önümlerini, ir-iýmişleri, galla önümlerinden we kösüklilerden gaýnadylyp ýa-da buglanylyp bişirilen gyzgyn naharlary, et we süýt önümlerini kabul etmek). Sepgit döwründe keseliň öňüni alyş çärelerini doly we dogry berjaý etsek, agyz-burun örtüklerimizi düzgüne laýyklykda dakynsak, howpsuz iki metr aralygy saklap, arassa agyz suwuny gerekli mukdarda kabul etsek, özümiziň we töweregimizdäkileriň sagdyn bolmagyny gazanyp bileris.

Aýsona ALLABERENOWA,
Aşgabat şäheriniň 7-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.