Ýolagçy gatnatmakda täze kadalar

3 Mart 2021
1342

Gazetimiziň geçen sanynda habar berşimiz ýaly, şu aýda Aşgabat ― Türkmenabat we Türkmenabat ― Aşgabat ugurlary boýunça otly gatnawlary synag möhleti bilen dikeldildi. Gatnawlarda «Türkmendemirýollary» agentligi we ýolagçylar tarapyndan berjaý edilmeli arassaçylyk kadalary barada gürrüň bermegini haýyş edip, welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary Gyzylgül Ibragimowa ýüz tutduk. Ol şeýle gürrüň berdi:

— Türkmenistanda gaýtadan dikeldilen otly gatnawlary üçin täze düzgünlerdir talaplar girizildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň ýörite meýilnamasyna laýyklykda bu gatnawlar üçin «Türkmendemirýollary» agentligine we ýolagçylara birnäçe talaplar bildirilip, olar muny doly berjaý etmelidirler.