Kadaly iýmitleniň, salamat boluň!

1 Mart 2021
943

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ata Watanymyzda adam we onuň saglygy barada döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda adamlaryň saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga, netijede bolsa, ýurdumyzda ynsan ömrüni uzaltmaga gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sagdyn bolmak üçin dogry iýmitlenmeli. Gündelik iýmitiň düzümi witaminleri, mineral duzlary, uglewodlary, ýaglary, beloklary talap edilýän mukdarda saklaýan önümlerden (gök we bakja önümleri, ir-iýmişdir miweler, et we süýt önümleri, galla we kösükli ösümlikleriň önümleri) ybarat bolmaly. Ýiti respirator ýokançlaryň ýaýramak howpy ýokarlanýan döwürlerde immuniteti pugtalandyrýan C witamine baý, gyzyl bolgar burçuny, pomidory, sitrus miweleri (limon, apelsin, mandarin), kesel dörediji bakteriýalara garşy täsirli fitonsidleriň egsilmez çeşmesi bolup durýan, düzüminde gakylygyň gopmagyny üpjün edýän efir ýaglary saklanýan sarymsagy, bedeni kuwwatlandyrýan baly, gyzgyny peseldiji, agyryny köşeşdiriji, sowuklama garşy täsirli böwürsleni, üljäni ýeterlik ulanmaly.

Şemşat MAŞADOWA,
Daşoguz şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň sanitar lukmany.