«Ýeňiljek ýoňlamadyr, geçer-gider» diýmäň!

1 Mart 2021
1005

Bedeniňiziň gyzgynlygy kadaly ýagdaýda bolsa-da, bokurdagyňyz awuşap, burnuňyzdan suw akyp durmagy, käte burnuň dykylyp, bokurdagyň gijemegi, kelläniň çalaja agyrmagy ýaly alamatlar birdenkä peýda bolanda, bu alamatlara adamlar aglaba üns bermeýärler, geçer-gider öýdýärler. Aslynda bolsa, bu alamatlaryň haýsydyr bir agyr keseliň bardygyny habar berýän bolmagy mümkin. Ylaýta-da, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy anyklaýyş-bejeriş işleriniň gaýra goýulman geçirilmegini talap edýär.

Bedeniňiziň gyzgyny kadaly ýagdaýda bolsa-da, bokurdagyňyz awuşap, burnuňyzyň suwy akyp durýan bolsa, megerem, siz rinowirusyň döredýän keselinden, ýagny rinitden ejir çekýän bolmaly. Munuň üçin üç-dört günläp damarlary daraldyjy damjalary ýa-da spreýleri ulansaňyz ýa-da kesel alamatlarynyň ýeňil geçmegini üpjün etmek üçin sowuklama garşy täsirli dermanlyk ösümlikleriň (çopantelpek, bidenek) gaýnatmasyny içseňiz täsirli bolar. Burun dykylma bir hepdeden köpe çekse, üstesine bedeniňiziň gyzgyny ýokarlanyp, üsgürýän bolsaňyz, onda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Şeýle alamatlar dümewde ýüze çykyp bilýär. Lukman gelýänçä gyzgynyňyzy peseltmek üçin parasetamolyň ýa-da nurofeniň bir tabletkasyny içseňiz bolýar. Ýagdaýyňyz agyrlaşyberse, lukman gelýänçä, wirusa garşy täsirli dermanlary (aribol, anaferon) kabul edip bilersiňiz. Ýöne ulanmazdan öň dermanyň gözükdirmesi bilen tanşyp, onuň gapdallaýyn ýaramaz täsir etmejekdigini, ulanmaga garşy görkezmeleriň ýoklugyny görmeli. Az-azdan owurtlap, köp mukdarda suwuklyk (suw, miwe şiresini, çaý) içseňiz, bal garylan gaýnag suw içip ýa-da buldurganyň (malina) mürepbesini iýip, unaş içip derleseňiz peýdaly.

Serwi BEGLIÝEWA,
Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.