Arassaçylyk saglygyň girewidir

26 Fewral 2021
898

Hormatly Prezidentimiziň goldamagynda arassaçylyk kadalaryny wagyz etmek maksady bilen golaýda TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, TMÝG-niň etrap geňeşi tarapyndan obalarda arassaçylyk işleriniň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek boýunça maslahat geçirildi. Bu mesele boýunça düzülen toparyň geçiren işleriniň barşynda etrabyň Mülkýusup, Mollanepes adyndaky, Halyl, J. Atajanow adyndaky, Gökje geňeşlikleriniň çäginde arassaçylyk kadalaryny ýerine ýetirmek, geňeşlikleriň hem-de daýhan birleşikleriniň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, oba saglyk merkezleriniň, oba medeniýet öýleriniň daş-töweregini arassalamak, baglaryny aklamak, köçelerini arassalap, zyýansyzlandyrmak işlerini geçirmek barada maslahat berildi. Şeýle hem oba ýaşaýjylary bilen şahsy gigiýenany berjaý etmek, talap edilýän 2 metr aralygy saklamak, agyz-burun örtüklerini dakynmak babatynda wagyz-nesihat işleri guraldy.

Babajan GURBANOW.