Tebigatyň täsin tebibi

25 Fewral 2021
1258

Diýseň peýdaly hem ýokumly bu ot barada bilmeýänimiz ýok bolsa gerek. Ysmanak ekilenden soň, bary-ýogy bir aýda ýetişýär. Ýabany görnüşde ysmanak Kawkazda, Owganystanda, şeýle-de biziň ýurdumyzda giňden duş gelýär. Arap ýurtlarynda edil kelemdir beýleki önümler ýaly, ysmanak nahar bişirmekde iň köp ulanylýan önüm hasaplanylýar. Peýdaly maddalaryň hakyky hazynasydygyny göz öňünde tutup, ýewropalylar oňa “Tebigatyň täsin tebibi” diýip at beripdirler. Ol, aýratyn-da düzüminde köp mukdarda demriň bardygy bilen gymmatlydyr. Onuň peýdaly taraplarynyň biri-de beýniniň işleýşini gowulandyrýar, gan bedenjikleriniň döremegine işjeň gatnaşýar, immun ulgamyny goraýar, ýadawlygy peseldýär.

Bişirilen görnüşdäki ysmanak has-da ýokumly bolup, onuň düzümindäki antioksidantlaryň mukdary has-da artýar. Ysmanagyň düzümindäkiden köp belok diňe gök nohutda hem-de noýbada bardyr. Şol sebäpli beden ysmanagy tiz özleşdirýär. Şonuň ýaly-da ysmanak düzüminde kaliý, demir we marganes saklamak boýunça rekordsmendir. Ol ganazlykdan ejir çekýänler we hassalykdan soňky dikeldiş döwründäkiler üçin, sowuklama garşy diýseň peýdalydyr. Iç ýörediji we buşukdyryjy täsiri, düzüminde köp mukdarda ýoduň bolmagy onuň saglyk üçin gymmatlylygyny has-da artdyrýar. Düzümindäki beta-karotin we lýutein gartaňlyk we uzak wagtlap kompýuteriň öňünde oturylmagy zerarly gözüň ýadamagyny, görejiň kütelmegini peseldýär. Göz üçin peýdaly maddalary özünde saklamakda ysmanak öňüne diňe käşiri geçirýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Meretmuhammet HOMMADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.