Özüňizi goraň, sagdyn boluň!

25 Fewral 2021
973

Howanyň sowamagy, ýagyşdyr garyň ýagmagy bilen, gündelik ýol hereketimizde, ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerimizde howpsuzlyk talaplary hem ýokarlanýar. Her bir adam jan saglygyny gorap saklamak, dürli kesellerden goranmak üçin olary berjaý etmelidir.

Lukmanlar sowuk howada, ilkinji nobatda, pasla görä geýinmegi, aýaklary ýyly saklamagy maslahat berýärler. Munuň üçin bolsa aýakgaplary dogry saýlamak zerur. Ýagyşly, garly howada gonjy gysga köwüşde daşary çykmak maslahat berilmeýär. Bu meselede, aýratyn hem, ata-eneler çagalaryna gözegçiligi berkitmelidirler. Çagalaryň aýakgabyndan başlap, üstki eşiklerine çenli, pasla görä bolmagyna üns bermeli.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.