Saglygymyz öz elimizde

24 Fewral 2021
960

Häzirki wagtda howanyň üýtgäp durmagy adamlaryň arasynda möwsümleýin keselleriň döremegine sebäp bolýar, biziň köpümizi sowuklama näsaglygyna duçar edýär. Şunda üsgülewük, esasan hem, dem alyş ulgamyň kesellerinde ýygy duş gelýän alamatlaryň biridir. Bu alamat nerw dartgynlylygynda (çendenaşa tolgunylanda) allergiki kesellerde, dem alyş ulgamyna tozan bölejikleri, tüsse aralaşanda ýüze çykyp bilýär. Kiçi ýaşly (bir ýaşa çenli) çagalarda üsgülewük köplenç haýsy-da bolsa bir kiçi göwrümli tagamy agzyna salyp, gyssagly ýuwdunanda ýüze çykýar. Üsgülewügiň döreýiş täsiriniň dürli bolşy ýaly, onuň ýüze çykyşy, ondan saplanmagyň ýollary hem dürlüdir. Üsgülewük köplenç dem alyş ulgamynda ýygnanan gakylygy, nemli bardany daşyna çykarmak üçin hem döreýär. Bular ýaly üsgülewük dowamly bolsa hökman lukmana ýüz tutmaly. Üsgülewük adatça uzak dowam etmeýär, aýratyn hem, çagalaryň gakylyk çykarmasy bilen gutarýar. Üsgülewügiň bu görnüşinden soň çaganyň ýagdaýy ýeňilleşýär, dem almasy erkinleşýär.

Eger-de üsgülewük nerw dartgynlylygy bilen bagly bolsa, ýagny, çaga çendenaşa tolgunanda ýüze çyksa, ilkinji nobatda, çaga suw hödürlemeli we onuň ünsüni başga bir zada sowmaly. Eger-de kiçi ýaşly (bir ýaşa çenli) çaganyň üsgülewügi del zadyň düşmegi bilen bagly bolsa, haýal etmän onuň ýeňsesine çalaja kakmaly. Ol dowamly köp gaýtalansa, onda hökman lukmana ýüz tutmaly. Allergiýa kesellerinde ýüze çykýan üsgülewük gurulygy, uzak dowam edýändigi bilen tapawutlanýar. Käbir ýagdaýlarda üsgülewügiň döreýşini takyklamak kynlaşýar, şeýle halatda döş kapasasynyň rentgenografiýasyny geçirmek zerurlygy döreýär.

Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 16-njy Saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.