Bar zadyň sakasy saglyk

24 Fewral 2021
703

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynda saglygy goraýyş we sport ýaly durmuş ähmiýetli ulgamlaryň ösüşi möhüm orun eýeleýär. Köp ýyllaryň dowamynda saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden milli Liderimiz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň başyny başlady. Onuň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ýokary halkara ölçegleriniň derejesine çykarmaga mümkinçilik berdi hem-de lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini we hilini has-da ýokarlandyrdy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny guramagyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, bu möhüm pudagyň düýpli özgerdilmegine, keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň kämil usullarynyň ornaşdyrylmagyna, ýokary hünärli saglygy goraýyş işgärleriniň taýýarlanylmagyna we lukmançylyk ylmynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendir.

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygardan ugur alnyp, häzirki döwürde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu bolsa adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň we ilatyň durmuş derejesiniň hiliniň gowulanmagyna ýardam edýär. Biz şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabyny ýazandygyny bellemelidiris. Hormatly Prezidentimiziň bu eseriniň, şeýle-de dürli dillere terjime edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň hem dünýäniň köp ýurtlarynda uly meşhurlyga eýe bolandygy örän buýsandyryjydyr.

Begenç GURDOW,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.