Saglygymyzy goralyň, sagdyn bolalyň!

23 Fewral 2021
760

Welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Ahal welaýat şahamçasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda saglygy goraýyş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärlerinden düzülen wagyz-nesihat toparynyň agzalarynyň çykyşlaryna orun berildi.

Duşuşykda dünýäde giňden ýaýran täze howply ýiti ýokanç keseliniň ýurdumyza aralaşmagynyň we ýaýramagynyň, şeýle-de pasyl çalşygynda döräp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almakda eziz Diýarymyzda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada gürrüň edilip, dürli kesellerden goranmak boýunça oňa gatnaşyjylara degerli maslahatlar berildi. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň, pasla görä geýinmegiň, askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmegiň, iş ýerinde we öýde otaglaryň penjiresini wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmagyň, sagdyn we kadaly iýmitlenmegiň peýdasy barada aýdylanlar hem ünsli diňlendi.