Saglygymyzyň gözbaşy

19 Fewral 2021
1005

Saglygyňy berkitmek, ony gorap saklamak biziň her birimiz üçin wajypdyr. Eýsem, munuň üçin näme etmeli? Ilki bilen, şahsy gigiýenany berk berjaý etmeli. Egin-eşigiň, bedeniň hemişe arassa bolmaly. Elleriňi tiz-tizden sabynlap ýuwmaly, saçyňa timar bermeli. Saçagyň başyna geçilende elleriň ýuwulgy bolmagy hökmandyr. Sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak, irden turanyňda dürli maşklary ýerine ýetirmek hem saglygymyzyň gözbaşydyr. Saglygymyzy gorap saklamak, esasan, zenan maşgalalar bilen bagly bolup durýar. Sebäbi olar saglygyň gözbaşy bolan arassaçylygy berjaý etmekde görelde bolýarlar, beýlekilerden hem talap edýärler. Zenanlar wagtynyň köp bölegini aşhanada geçirýärler. Gap-gaçlaryň, bişirilýän tagamyň arassa bolmagy üçin zenan maşgalanyň ellerini ýuwup, saçyny ýygnap, ýaglyk daňynmagy hökmandyr. Aşhanada bolanyňda köýnegiň üstünden öňlük dakynmak hem öý bikesini arassaçyl, işeňňir görkezýär.

Ene-mamalarymyzyň tekrarlaýşy ýaly, saglygyň sakasy kadaly iýmitlenmek bolup durýar. Şeýle bolansoň, türkmen topragynda bitýän dermanlyk häsiýetli, witaminlere we minerallara juda baý ösümliklerden taýýarlanan iýmitleri, gök önümleri köpräk iýmeli. Kadaly iýmitlenmegiň ynsan saglygyna oňaýly täsir ýetirişi ýaly, her bir pasla görä geýinmek hem kesellerden goranmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Çemen SÄHEDOWA,
Aşgabat şäheriniň 10-njy saglyk öýüniň maşgala lukmany.