Çagalara nädip kömek etmeli?
«Birnäçe ýyldan bäri 10 ýaşly agtygymyň diliniň ujuna wagtal-wagtal ýarajyklar çykýar. Diş lukmany onuň keselini «deskwamatiw glossit» diýip kesgitledi. Ýelmeşegen lenta görnüşli barlag 9 ýaşly agtygymda içege gurçugynyň bardygyny görkezdi. Bejergiden soň hem onuň dişlerini gyjyrdatmagy galmady. Üstesine, ol horlanýar. Agtyklaryma nähili kömek etmeli?».