Onlaýn duşuşygy geçirildi

17 Fewral 2021
939

Golaýda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň ýygnaklar zalynda onlaýn görnüşli duşuşyk geçirildi. Oňa ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri — gazet-žurnal redaksiýalarynyň žurnalistleri, habarçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda adam saglygyny goramak we arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, häzirki wagtda umumadamzat dünýäsine aralaşan COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak ýaly meseleleriň üstünde durlup geçildi. Bu meselelerde dünýä we sebit habarlaryny ilkinjileriň hatarynda ýetirýän žurnalistleriň işini kämilleşdirmegiň we bu işi dogry maglumatlar esasynda alyp barmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ýerine ýetirilmeli işler, duşuşygy guraýjy BMG-niň Çagalar gaznasynyň — ÝUNISEF-iň ýerine ýetirýän işleri we geljekki maksatnamalaýyn işleri hakda gürrüňler edildi.

Şaperi OTUZOWA,
öz habarçymyz.