Gyş paslynyň dowam edýän şu günlerinde möwsümleýin keselleriň öňüni alyş çäreleri ýokary netije berýär.
Ýiti respirator keseli wirus arkaly ýüze çykýar. Keseliň öňüni almak üçin häzirki möwsümde köpçüligiň üýşen ýerlerine barmakdan saklanmak, adamlar bilen howpsuz 2 metr aralygy saklamak, agyzburun örtüklerini dakynmak, elleri ýygyýygydan sabynlap ýuwmak zerurdyr.