Akyl-paýhas hazynasy

4 Fewral 2021
1303

Türkmen halkynyň durmuşynda, däp-dessurlarynda halallyk ýörelgesi aýratyn orny eýeleýär. Parasatly pederlerimiz gadymy döwürlerden başlap, ýaş nesle halallyga ýugrulan edep-terbiýäni bermäge aýratyn ähmiýet beripdir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halallyk ýörelgesi barada aýratyn bellenilip geçilýär. Kitapda beýan edilýän düşünjeler örän köp sanly wakalara, taryhy-arheologik tapyndylara, gadymy golýazmalarda saklanyp galan baý maglumatlara esaslandyrylandyr. Onda ylmyň köp ugurlaryna degişli örän gyzykly we gymmatly maglumatlar, halkymyzyň döreden we pähim-paýhasa ýugrulan pikirleri, atalar sözleridir nakyllary, rowaýatlardyr tymsallar jemlenendir.

Kitabyň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» atly bölüminde ylym-bilim hakynda çuňňur filosofik pikirlere ýugrulan maglumatlar getirilýär. Magtymguly atamyzyň galdyran mirasy, Nyzamyl mülküň «Syýahatnama» atly kitabynyň taryhy, adamzadyň bahasyz baýlygynyň ylymda jemlenendigi hakyndaky pikirler öňe sürülýär. Häzirki döwürde ösen döwletleriň esasy baýlygy ylym-bilimdir. Ajaýyp eseriň içinde getirilýän «Köp bil, az sözle!», «Ýüz okasaň ýat bolar, müň okasaň binýat bolar» ýaly atalar sözleri ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

Myrat BERDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.