Watan, saňa hyzmat — ömrüň manysy!

29 Ýanwar 2021
1066

27-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi

Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, jemgyýetimizde tertip-düzgüni berkitmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere, bu ugra degişli beýleki birnäçe wajyp meselelere garaldy. Mundan başga-da, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, Garaşsyz döwletimizde mundan beýläk-de howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek boýunça olaryň alyp barýan işlerini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

"Nesil".