Notarial işinde maglumat howpsuzlygy

18 Dekabr 2024
97

Tehnologiýalaryň we internet ulgamynyň giň gerim bilen ýaýbaňlanýan döwründe adamzadyň ýaşaýyş-durmuşy dünýäniň maglumatlar gurşawy bilen işjeň baglanyşygy emele getirýär. Tehnologiýalaryň sanly mümkinçilikleri maglumatlaryň elýeterliligine we howpsuzlygyna öz täsirini ýetirýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň adalat edaralarynyň ulgamyny ösdürmek we raýatlara edilýän hukuk hyzmatlarynyň döwrebaplygyny gazanmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Aýratyn hem, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyzyň notarial edaralarynyň arasynda elektron resminama dolanyşygy, bir bitewi maglumat ulgamy döredildi. Bu Kanunda görkezilen kadalara laýyklykda maglumatlaryň howpsuzlygyny, goraglylygyny we şahsy maglumatlaryň ýaşyrynlygy doly üpjün edilýär. Şeýle hem «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasynda «Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamy» hakynda giňişleýin beýan edilýär. Bir bitewi maglumat ulgamyny döretmegiň, saklamagyň, hereket etmeginiň we peýdalanmagyň, şeýle hem onda saklanýan maglumatlary bermegiň tertibi kanun esasynda kesgitlenilýär we maglumatlaryň goraglylygy kepillendirilýär. Kanunda bir bitewi maglumat ulgamynda saklanýan maglumatlara ygtyýarly we maglumatlary işläp taýýarlamagy amala aşyrýan adamlar kesgitlenilýär hem-de olaryň aýan edilmezligine borçlandyrylýar.

Arslan SAPAROW,
Daşoguz şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.