Bakja önümleriniň esasy bölegini, takmynan, 80 – 90 göterimini suw tutýar. Şeýle hem olarda beloklar, ýaglar, uglewodlar (gant, krahmal, kletçatka, pektin), organiki kislotalar, witaminler, mineral maddalar bar. Şeýle önümleriň biri-de, garpyzdyr.
Garpyzly içgi. Daşy gowy ýuwlan garpyzyň 5 – 6 santimetr ýokarsyny kesýärler. Lötüni pyçak bilen bölüşdirip, çemçe bilen owýarlar, çigidinem aýyrýarlar. Emele gelen boşluga şeker guýýarlar we 20 – 30 minut salkyn ýerde saklaýarlar. Soňra gant garylan garpyz suwuny bulgurlara guýýarlar. Bu içgini adaty okarada hem taýýarlap bolýar. Garpyzyň lötüni ýukajyk kesip, üstüne şeker guýýarlar, 20 – 30 minut salkyn ýerde saklap, soňra şerbetdir gazly suw bilen garýarlar.