Yşyklary ýalkym saçdy

16 Dekabr 2024
142

Hemmämize mälim bolşy ýaly, düýn ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasy boldy. Aýazbabadyr Garpamyk körpeje çagalar bilen bilelikde Mary şäheriniň gözel künjeklerine gezelenç etdiler. Ak lybasly, elleri şarlardyr yşyklar bilen owadan hatary gurap barýan çagajyklar Aýazbabadyr Garpamyk bilen bilelikde welaýatymyzdaky “Türkmeniň Ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada bezelen Baş arçanyň ýanyna bardylar.