Baş maksat — döwrebap bilim bermek

1 gün öň
20

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz belent üstünlikleri nazarlap, ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ugurlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bilim almagy üçin döredilýän giň gerimli şertler halkymyzy, aýratyn-da, bilim işgärlerini çäksiz buýsandyrýar, guwandyrýar. Bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, bilim berlişiniň hili, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň ak mermerli täze binalar toplumynyň açylyşy özüniň şatlyk-şowhunly dabaralary bilen ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynda zehinli ýaş Watan goragçylarynyň täze neslini kemala getirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri, dürli harby hünärleri özleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.

Dünýä MÜLLIKOWA,
Aşgabat şäherindäki 78-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymy.