Saglygy söýleýän setirler

1 gün öň
14

Hiç iş etmezden sagdyn bolmak isleýän adam edil dymmak bilen öz suhangöýligini ösdürjek bolýan adama meňzeşdir.
Plutarh.
*  *  *
Uzak wagtlap fiziki hereketsizlik ýaly adamy kesele duçar edip biljek howply zat ýokdur.
Aristotel.
*  *  *
Bagtymyzyň esasy bölegi saglyga bagly.
Sokrat.
*  *  *
Bedenterbiýe, ýöremeklik iş ukybyny, saglygyny saklamak isleýän her bir adamyň gündelik durmuşyna berk girmelidir.
Gippokrat.
*  *  *
Saglyk — bu hemme zat däl, ýöne hiç bir zat saglyksyz netijeli däldir.
*  *  *
Saglygyň dikelmegine bolan umyt sagalmagyň ýarysydyr.
Wolter.
*  *  *
Bedeni berkitmek üçin edilýän maşklar köp dermandan güýçlüdir, aslynda, hiç bir derman şol maşklaryň ornuny tutup bilmez.
A. Mosso.
*  *  *
Iň sagdyn we owadan adamlar bolgusyz zatlara gahary gelmeýän adamlardyr.
G. Lihtenberg.